Adam parhy

Wirjinia Woolfyň äheňinde

Adam ogly näçe gezek,
ele alyp kyn ýagdaýda,
ulandyka galamyny,
ýa çotgasyn, surat çekýän,
tüpeň alman ele okly,
mäşesini çekmän onuň,
ýok, gaýraty bolmazdan däl,
düşüp bilmän beýle pese,
diýme maňa atyp bilmez,
aryn alyp bilmez hakly,
töhmetçiden, çyn, islese,
ady döwlet, bäş-on mese...

Ýok, bu ýalan, hemme adam
gelip bilmez bu ýol-ýoda,
küşgürmez ol başgany-da,
ot gorsamaz daşda durup,
galamyny sylan adam,
sylan adam çotgasyny,
sylan adam öz hünärin,
döküp bilmez adam ganyn,
hatda ýurdun aldyrsa-da,
ýapdyrsa-da ýolun pese,
emel ýetip iň näkese...

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2025