Ýigrenç kyssasy
Eger birin halamasaň,
kiçeldesiň gelse gaty,
diliň gijäp duran bolsa,
bir elde däl, iki elde
öňräk hudaý uran bolsa,
aýdylan öň, çydamasaň,
ýeke ýigren, başgalary
çekjek bolma öz oýnuňa,
gürrüň edip ýalan-ýaşryk,
gybat edip, düşüp aşak,
sepme peslik tohumyny,
onuň gepin muňa daşap...
Ejiz adam belli hemmä,
eger birin halamasa,
ýa ýigrense bahyllykdan,
aklajak bor özün ýygnap,
özi ýaly göýdükleri,
pikir edip pikir-oýy
dogry boljak ýaly dostlar
häsin berse, ylalaşsa,
näme diýse iki däl, üç
özi ýaly dört-bäş biweç,
dünýe meýlis ýaly käte,
arak guýup, diýseler iç!..
Başgalary, özüň ýaly,
ýola çykman, busup öýde
garaşýany çekjek bolmak,
ýa çagyrmak ýigrenjiňe,
ol o diýip, bu bu diýip,
gybat bolsa işiň diňe,
peýda etmez, näçe janyk,
gaýtalanyň bilen üýşüp,
seniňki ol, iliňki däl,
geçmez her bir satjak düýşüň...
Ýola çykan ýolun sorar,
gorar özün, mertebesin,
ýykylsa-da galyp ýene,
mellegine düşmez pesiň,
halamasaň ýüregiňden,
ýa sygmasa galybyňa,
sen näme diý, bolmaz haýry,
öz ýoluny saýlan adam,
gaýry bolsaň, bolar gaýry.
Bardyr, ýok däl, seniň ýaly,
'hä' diýerler, bilip, bilmän,
bu bir sahna, gül ýa agla,
oýnan köp bor oýna gelmän,
sen özgäni samsyk saýyp,
gülen bolup, güýjüňi däl,
gowşaklygyň görkezersiň,
görkezersiň ýeňileniň,
sebäbi sen güýçli bolsaň,
duran bolsaň öz ornuňda,
ynanjyňda, yraň atman,
nöker gözläp elenmezdiň,
eňremezdiň gije ýatman.
Aýdylan bu öňden, güýçli
başga birin garalajak,
ýaralajak bolmaz daşdan,
eli bilen, dili bilen,
aýtajk bolmaz ähli zady,
käte dymman bilmese-de,
düşündirjek bolmaz bolsa
garşysynda gara diwar,
mümkin bolsa sowular ol,
menzil alar ynanjy bar.