Surat

Ödek Ödek meselesi

Ödek Ödek ýaly kän,
ýetim galyp ýaşlykdan,
igledilen ruhy,
basyp alnan illerde,
gysyp alnan illerde,
okan, gören mekdebi,
kitaplary ýalançy,
ogurlanan geçmişi,
ogurlanan geljegi,
kemsidilen, ýaraly,
ýaralaryn ýalaýan,
em gözleýän derdine,
beýik bolan peslerden
öwreneni öwünmek,
içmek tapan puluna,
eger ýurdun ýykanyň
žurnalisti, ýazary,
ünsi sowýan özünden,
döwletinden, çalam-çaş,
gülse saňa, gülme sen,
seniňki däl bu duzak,
bes, bu oýna gelme sen...

Ödek Ödek her niçik
üzsün ýerden aýagyn,
gülüp bolýar, bolýa-da
diýip bolýar aglaman,
alym bolan adamlar,
akademik, ordenli,
basyp alnan ülkede
nämeler diýmedi,
ýa ýazmady nämäni,
ýaranmaly, iýmeli
çöregini gul bolan,
dolanmaz ol bu ýoldan,
her näçe gygyr, dolan!

Ýöne onda birleri,
bir asyr däl, bäş asyr,
döşe kakýan öldürip,
ýerin alyp illeriň,
ýurdun alyp illeriň,
ýurtly bolup ullakan,
ýurdun ýykan ahyry,
duşman bolup özüne,
gaçanlary kowalap,
çagalary, enesin,
atalaryn öldürýän,
saňa gülüp gyjalat,
akyl berse öňki dek,
gep sendedir, onda däl,
mesele däl Ödek Ödek...

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2025