Surat

Netijesiz bilim

Jon Dewiniň äheňinde

Ol ilde kän mekdep gören,
diplom alan okap kän ýyl,
ýa okaman, çärä gatnap,
dürse däl-de, egrä maýyl...

Okady nä, okamady,
içinde ýok ýa az bolsa,
sorap bilýän adalaty,
gorap bilýän adalaty,
kanunlary ýazylan hem
ýazylmadyk kadalary,
ata-baba adat bolan,
dogry sözden gaçsa millet,
din-imany bolsa ýalan?..

Garşy durup bilmese il,
adalatsyz işe açyk,
okatdyň nä okatmadyň,
gün aýlajak bolsa gaçyp?

Bolanda nä ýazýan kitap,
ýazan bolýan, has dogrusy,
bolsa atly, derejeli
düzüwler däl, pes, ogrusy,
ýa ýalançy, kezzap belli
iki-üçden kürsi alsa,
gülüp ile naçar bolsa,
goramasa millet özün,
gyrnak bolsa gyzy, gelni,
bolanda nä okuw jaýyň,
professor serse elni?..

Ýok, bolmasyn, bolmaly däl
ata-baba ýollar ýoda,
soň ot bitip, gitjek ýitip,
özün atyp suwdan oda,
diýip bilýän duraly, il,
goragynda adalatyň,
diýip bilýän turaly, il,
gülki bolduk dünýä ýatyp,
bir, iki, on, gutardymy,
gözbaşlary gömende han,
ýa biz indi boýdan-başa,
adam däl-de, boldukmy san?..

Hawa, şeýle mekdep gören,
kitap gören kän ol ilde,
ýöne okan ýa düşünen
ýokmy ýa-da azmy, millet,
ýa ýykyldyk, akdyrdy käl,
il däl, diňe galdy minnet...

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2025