Bozulan adam
Ilki ene-atasy,
wagt näme, bilmeýän,
ýa bilesi gelmeýän,
ýa köp bilýän özüçe,
zaýalasa çagasyn,
mekdep bilen birleşip,
köçä kowup, dynç alyp,
ýa-da ýaşap geleňsiz,
gülen bolup ýalançy,
kezzap diýip bu dünýä,
jahan kimsä dahylsyz
gelen ýaly bu hala,
gorkman hiç bir hasapdan,
bozsa bejermez ýaly;
soňra goňşy-golamlar,
deň-duşlary, üm bilmez,
oýun ýaly bu durmuş,
bir-biregi pokgi dek,
depip, gapyp geçmeli,
akyl satyp Alladan,
gören ýaly jenneti,
guran ýaly dowzahyň
haýatlaryn, eşidip,
gaýtalasa boş gepi,
gürrüňleri, kim bolsun,
emel ýeten, ýetmedik,
ylgap gelýän uçuda,
çöregini tapmaýan,
gulak asmaz, seretmez,
gygyrsaň, diýseň daýan!