Hakyky howp
Sen il üçin, garyp-gasar,
ezilen kän, ýüzlerçe ýyl,
hakykaty aýdyp, diýip,
orta çyksaň, sowut däl-de,
arassa, ak köýnek geýip,
tanka garşy, türmä garşy,
gowulyk ýok, harap halyň,
pikir etme kän işleseň,
biler iller, deşmez salyň,
göre-bile, tötänlik däl,
hatarly ýol, atar diýmän,
gypjyn-gynjyn bolan ýurtda,
salyp etegiňe başyň,
diýme iller görer, dözmez,
ýok, beýle däl, düşünersiň,
ýerli-ýerden ownuk-uşak,
ezijiden beter arly,
garyp-gasar garşy bolar,
garşy bolar ýeňiýoluk,
ýazyjysy, şahyrlary,
alymlary, okan kitap,
sen alan dek täjin başdan,
umyt etme garry, ýaşdan,
garalajak, ýaralajak,
aňsat bolsa, gömjek ertir,
gör diýýän dek zalymlar däl,
biz, özümiz ýagy bize,
ýagy bize düşünjämiz,
özümize garşy gurlan,
gaty görer, diýme suwa,
ýatan bolsa, ak sen, durlan!