Surat

Bir ministriň hekaýasy

Öňem biri aýtmyşlaýyn,
içiň gyrlyp gülmeli zat
kän dünýede, bir, iki däl,
biri diýer beýlekiden
az wagşy men, az masgara,
hem ynanar öz sözüne,
dowam edip wagşylygyn,
diýmek, utanç, haýasy ýok,
bilmez başgaň ýagşylygyn,
özün aklar näme etse,
alyp gitse on-onbäş däl,
otuz, elli, ýüz adamy,
ýany bilen jähenneme,
il üçin däl, özi üçin,
dowam etmek üçin keýpin,
sapasyny, düýn ýitiren,
ýa ýitirjek ertir, belki,
ýuwar ony oda iten
dostsumaklar, kärdeşleri,
ýerde goýman, ys boljak dek,
gökde goýman, pos boljak dek,
diýer olar halky üçin
diri öldi, gara geýdi,
diýmez olar ogrujady,
arman nebsi başyn iýdi.

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2025