Iliň güýji

Peşe görse, pil ýasajak,
garalajak doganlaryň,
ýaralajak doganlaryň,
aga, ini, babadaşlar,
obadaşlar, obadaş däl,
tanaýançaň gowy diňe,
gowy diňe aýagyňa
kakylýança, ýykylýançaň,
depilýänçä arkaňdan soň,
ýa saklansaň, üstüň çaňyn,
tozanyny kakyp tursaň,
gara ýele, ak tupana,
döşüň gerip, sarsman dursaň,
geler olar gülen bolup,
ulanjakdyr ýene arzan,
arak ýokmy diýip sorar,
saçak ýazyp, goýsaň narzan...

Ýöne iň kän ulananyň,
ot içinde galyp, ýazyp,
ýananlaryň ataş bolup,
aýlyk alan aňsat, gowy,
dirikä däl, mazarynyň
gumy solman eşidersiň
eden gepin, gybatlaryn,
bir, iki däl, on bäş ýyllap,
getirerler daşyn dolap,
geň galarsyň, pahyr meni
öýüne-de çagyrýardy,
duz iýişdik, iç döküşdik,
ýat illerde, tanyş däldik,
diňe ýolda gabat geldik,
beýle erbet, beýle mojuk
bolan bolsam, bilen bolsa,
gorkmadymy, ýa arkaýyn,
görüp gowy ýüregimi,
basyldymy bahyllykdan,
sorarsyň sen özüňden kän,
iliň güýji diýseler sil,
nirede ol diýilýän il?

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2025