Öňki we soňky gyrgyn
Öňler ili gyrypdyrlar,
goşun çekip, daşdan gelip,
aryn alyp bilmez ýaly,
dogmaz ýaly ar-namysly,
ata-baba ýerim diýýän,
ýurdum diýýän oglan-gyzlar,
dil öwredip, ýol öwredip,
tapmaz ýaly yzyny hiç,
bulaşdyryp beýni-başyn,
ysmaz edip akyl-huşun,
urupdylar galanlaryn,
gije-gündiz, bolman haly,
galar ýaly ýesir baky,
indi başga, açlyk bilen,
ýerden, suwdan kesip, basyp
depesinden aşak günde,
dil açanyn ýüpsüz asyp,
öldürýärler öz öýünde,
pikir edip bilmez ýaly,
bir özi däl, ogul-gyzy,
agtygy-da gülmez ýaly...