Hakykat duşmany
Hakykaty öldüren il,
görnüp duran, gizlengi däl,
köre-körlük bilen diňläp,
ogry-jümri hökümeti,
metbugaty, durşy ýalan,
gulak asyp, basyp ösün,
hem meýletin, hem mejbury,
gorkup, gorkman bileleşip,
şere şärik bolan millet,
ogul-gyzy bilen bile,
soň hakym bar, hukuk gerek,
ýa azatlyk gerek diýse,
sen ýylgyrman ajy ilki,
soň aglaman nätjek eýse?