Il sesi

Susdurylan iliň sesi,
aýdylmadyk sözi bolmak,
gözi bolmak, ýumulmadyk,
uklan bolup, ýatyp bilmän,
dik oturan uzak gije,
ýok edililýän iliň ogly,
gyzy bolmak oýun däldir,
diri bolmak oýun däldir,
aglanda il, sessiz galyp,
gülki däldir bu iş asla,
ýöne güler gülküsizler,
bilmeýänler gülki näme,
agy näme, dünýä gelip,
sen olary diňle käte,
gabat gelse, ýörite däl,
ýatdan çykan ýüz-gözlerin
synla biraz, sowuklygy
gagşatsa-da süýekleriň,
minnetdar bol olara sen,
gorkuzany üçin gaty,
ürküzeni üçin gaty,
ähli zady, okadylan,
sorag bermän alyp gaýdan
mekdebiňden, gaçar ýaly,
gowy boldy öwreneniň,
oýlanmagy azda-kände,
gaýtmaz ýaly yza gaýdyp,
ýapyk ýoly açmak üçin,
ilki özüň açar ýaly...

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2025