Ömür soragy
Pikir etseň, gorkýan bolsaň,
kemsiderler ömür boýy,
gülen bolup ýa-da gülmän,
az-owlak bor hak-heşdegim,
şükür edip galsam ölmän,
ýaşan borun, ýaşamaryn,
kitap oka, oka kyssa,
goşgy oka, cekmän gussa,
gam çekme hiç ýa ýeňilme,
ýola çykman, bil tutuşman,
durmuş bilen, ýykýan ahyr,
bilseň, belki, iň ilkinji,
möhüm ädim okamagyň,
düşünmegiň dünýä biraz,
ýok, etmeseň, gorksaň mydam,
pikir etseň o birleri,
bu birleri kömek eder,
ýa-da Alla gorar diýip,
ýaşamaly borsuň mätäç,
ömrüň ýaryn özüň iýip.