Dyz halky
Iliň çaga, gözün ýumýan gorkanda,
eje diýip, sesli, sessiz aglaýar,
hem garaşýar kakasyna işdäki,
sen hem eje, hemem kaka bolmaly,
ýok, sen muny başarmarsyň, bilýärsiň,
ýöne ony köşeşdirmek isleseň,
ony, muny wada berip, gülmeli,
menem şeýle bolup bilsedim diýip,
a soňundan aglamaly ses edip,
iliň çaga, ulaljak däl bu golaý,
haçana çen biri eklärkä gidip,
ýat illere, gelip bilmän yzyna,
ýok, ol ýörjen-ýörjen bolmak islänok,
galjak baky gujak açyp dyzyna.