Diňle iliň diýmeýänin

Sen öz iliň aýdýan, diýýän
sözlerini diňläp oňma,
diňle onuň diýmeýänin,
aýtmaýanyn aňsat saňa,
gorkusyndan, içi doly
hasrat bolsa, aglasa il,
gözlerine ýaş aýlaman,
eger iliň biri bolsaň,
haram iýip ulalmasaň,
görersiň il nalasyn sen,
eşidersiň uzaklardan,
goý, sesini çykarmasyn,
utanyp ýa namys-ardan...

Iki-ýeke gürlän bolsa,
aýdan bolsa derdin çykyp,
ýa çydaman goşgy ýazsa,
kyssa ýazsa, gussasyny
gizläp bilmän setirlerden,
gönülese, eý, jemagat,
ölmäň diýse dymyp, susup,
gürläň, boluň diýse diri,
gowga bolar gara başy,
dogan-gardaş gaçar ondan,
duşman bolar baş ýoldaşy...

Bu hemişe şeýle boldy,
şeýle bolar ýene, millet
aýdyp bilmän ýüregini,
tomaşaçy bolsa günde,
mugt teatr durmuş diýse,
ýok, beýle däl, gymmat diýme,
düşündirme düşünmese,
bile-göre özün iýse,
gorkusyndan, keýpine däl,
hem oýnasa öz oýnuny,
bolan bolup hemaýatkär,
bir entäne, ikisine,
hemme bilýär näme bolýar,
ýa bolmaýar, diňle ili,
diňe sözün diňläp oňma,
köp zat aýdar dymýan saňa,
çörege zar, bükük bili...

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2025