Ýeke ömür

Eje, men bu ýeke ömri
ikä, üçe böldüm, berdim
öz çagama, maşgalama,
ýöne artyk, dökan-saçan,
paýlamak kyn düşdi ony,
on adama, ýüz adama,
müň adama, tanyş ýa däl,
ilki ýaşdym, düşünmedim,
arassady, düzüwdi päl,
soň bozuldy ýuwaş-ýuwaş,
dolap aldy soňsuz söweş,
biri itdi döşden gaty,
golaýyna golaýlamda,
beýlekisi kesekledi,
ýa daşlady, gelme diýip,
iň erbedi, köplük görüp,
okap, belki, niýetimi,
açyk, arzan kitap ýaly,
tomaşaçy boldy daşdan,
satylýan dek arzan haly...

Sen maňa bir el, aýagy,
ýa-da ýürek berip oňman,
ganat berdiň iki sany,
uçdum uzak ýetjek bolup,
top-tüpeňe garamadym,
urdum ganatlarym daga,
urdum ganatlarym gaýa,
ýardym başym daş-kesekde,
ýykylsam-da, ýaramadym
diýip ýatman, galdym ýene,
aýtjak boldum, beter etme,
heder etme iliň günün,
il-günüme ýüzlendim kän,
güldi olar, bir däl, iki,
besdir diýdim ýadap käte,
uzak ýoldan öýe gelip,
bu bir pursat ömürdäki,
eje, men bu beren ömrüň,
arzan sowdum bilmän, bilip...

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2025