Il sözi
Öňem biri aýtmyşlaýyn,
iller näme diýer diýme,
il söz tapar ýüpek geýseň,
ýa-da çal biz tapma, geýme...
Eger gowy eşik geýseň,
tämiz bolsa üstüň-başyň,
ýa dakynsaň gymmat sagat,
gowy gözlük satyn alsaň,
bolan bolup hondanbärsi,
görünmekçi bolýarsyň sen,
göz edýärsiň ile özüň,
däl ýarany üçin saňa,
ýa aýaňok ýüzüň, gözüň,
eger geýinmeseň gowy,
çem gelenin atsaň egne,
salpyk bolsa murtuň towy,
diýer iller garyp, göwün
islänine ýetmän puly,
ile meňzeş ýaşamady,
ýazan bolýar ýene goşgy,
oňarmady özüni-de,
kömek etsin nädip başga...
Eger edýän pikirleriň
gizlemeseň, aýtsaň göni,
gödek, zoňtar saýylarsyň,
emma dymsaň ejap edip,
degäýmäýin diýip göwne,
düşünmezler diýip dogry,
gorkak borsuň titräp duran,
eger işiň oňsa, bitse,
oňa, muňa puluň ýetse,
gazanan däl, borsuň ogry,
gedem borsuň il gözünde,
ýöne bir gün entetseler,
aýakgabyň köne bolsa,
diýer iller ysnat, ýalta,
hassa bolsaň, diýer öler,
durşy kesel, dertli halta...
Ýok, diktator bolsa ýa-da
başlyk bolsa, gözi gyzyl,
akylyna ýer tapmaýan,
sen almaly bolsaň aýlyk,
çäräň bolmaz, baş atarsyň,
ýöne dili uzyn, pahyr,
sansyz bolsa, ýa iki gün
garny doýan ak çörekden,
saljak bolsa galybyna,
dardygyny bilmän onuň,
diýseň bar, git, gahar etse,
ýa-da diýmän diýseň ýok bol,
duşman bolar iki esse...
Öňem biri aýtmyşlaýyn,
gutulmarsyň, sen näme et,
diýmäge zat tapar millet,
gybat edýän gybat eder,
töhmet atýan atar töhmet,
sen seretme ýaňrana hiç,
degme, etsin işin köplük,
sen işiň et, bolmanka giç.