Hormatly adamlar
Öňem biri aýtmyşlaýyn,
sen sylaýaň meni örän,
men sylaýan seni örän,
diýmek, ýöne adam däl biz,
görýär muny ýerden ýörän.
Men goýýaryn saňa hormat,
sen goýýarsyň maňa hormat,
diýmek, biz hormatly adam,
ady çykan, ile belli,
bilýär muny alym, nadan...
Ýöne durmuş üýtgewsiz däl,
kä ýel ösýär, turýar tupan,
käte ýagyş ýa gar ýagýar,
depýär düýnki başyň sypan,
ýa arkaňdan urýar namart,
bolan bolup gözün gypan.
Men sylamok soňra seni,
sen sylaňok meni asla,
atýaň maňa agyr töhmet,
men tapýaryn has beterin,
biz bir öçli, öz-özüni
iten, gaban dar otaga,
tussag eden millet, açgöz,
hemmämize gerek şöhrat,
üstesine aljak mydam,
azaply däl, gerek para,
garyp otyr sessiz, çydap,
baýan bolýar içigara...
Soň men saňa gülýän ajy,
sen gülýärsiň maňa ajy,
men ýigrenýän seni örän,
sen ýigrenýäň meni örän,
gowy ýeri internet bar,
görýär bizi ýerden ýörän.