Ýaralaýan gülki

Bir bendäniň ýa-da iliň,
azam bolsa sany gyrlyp,
pesem bolsa sesi urlup,
hasratyna gülen bolmak,
ýaňsylamak durmuşyny,
göreşini, pidalaryn,
ýa özüňki gowy ýaly,
gülen bolmak niýetine,
döwlet gurmak uly, kiçi,
gurulmadyk, başy bozuk,
kagyz bolan kanunlary,
aýagasty boýdan-başa,
degişme däl, ýylgyrmaly,
gelip saňa gülýän bilen
gülüşmeli gürrüň däl ol,
kemsitme ol, gülkä bukan,
ýaralaýan seni beter,
hem etdirýän beter heder...

Degşen bolýan ýaly, ýöne,
açyk ýara urýan gelip,
gülen bolup bilip, bilmän,
goý, kim bolsun ýa nirede,
eger çykyp gelseň otdan,
ýa-da suwdan, çekip derdiň,
gülseler-de beýlekiler,
ýürekden ýa ýalan-ýaşryk,
seniň muňa gülkiň tutmaz,
ukyň tutmaz soňra agşam,
sebäbi ol ýaňsy ýarag,
zäher, belki, basmak üçin,
öňem gowşak sesiň aşak,
has peseltmek üçin iliň,
gara köýük ýanyp ýaşap,
galmaly sen büküp biliň,
gülýän gülüp ýaşamaly,
ret edip geçen ýoluň,
galan bolsa – duýgularyň...

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2025