Bu uzaga çeker

Bu uzaga çeker, oglanlar, gyzlar,
diňlemegi öwrenmesek ozaly,
düşünmegi öwrenmesek ozaly,
okamagy öwrenmesek okaman,
setirleriň arasyny görmesek,
seljermesek aýdylany aýdylman,
aýyplamak aňsat, gygyrmak aňsat,
garalamak aňsat, içerde güman,
ne imany, ne ynanjy aýajak,
sögmek aňsat birlerine, ejesi,
ýa bajysy günäkär dek, utanman
agza gelen sözi aýdanyň bilen
hiç mesele çözülmeýär, çigişýär,
düwün-düwün bolýar, asyrlap gelýän
garaňkylyk dagy ulalýar, ony
aýyrjak ýok, araňyzda gygyrýan,
nadaralyk edýän ulyňyz bolsa,
ýa ýaşuly bolsa iň gaty sesli,
bu uzaga çeker, oglanlar, gyzlar,
gara gyşyň soňy gelmez, tomusda,
possun geýip, üşärsiňiz, derlemän,
iň bolmanda diňlemegi öwreniň,
birazajyk gezekleşiň, gürlemän...

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2025