Surat

Haýyr seniň sesiňde

Hormatlydan haýyr ýok,
rehim ýok aglana,
şepagat ýok hiç hili,
sen ene bol, ata bol,
ýa gyzy bol biriniň,
ýa bol ýeke, bir ogly
(iki bolsa köp ýaly),
boşap galdy kän howly...

Hormatlydan haýyr ýok,
bir däl, iki bolsa-da,
ýalbarana, kömek et,
gutar diýip zalymdan,
gora diýip zulumdan,
töhmetinden döwletiň,
peýdasy ýok aglanyň,
gülküsini tutduryp,
oýnan oýny bu iliň,
gelen ýeri utduryp...

Süýrelende o geplän,
ýa bu geplän, özi däl,
ili üçin ýangynly,
gürrüň eden jemagat,
gülen bolup üstünden,
he-he, kesdiler sesin,
eger däli bolmasa,
guduz itiň agzyna
salarmydy kellesin...

Hormatlydan haýyr ýok,
haýyr seniň sesiňde,
hudaý beren, ynansaň,
ynanmasaň, ulanma,
garaş ýene, uzak däl,
geçer ömür 'hä' diýmän,
ýöne agyr geçýär ol,
ogurlatsaň çöregiň,
ýa berseň başga iýmän...

Telefony alýan ýok,
ýa jogap ýok hat ýazsaň,
hemme bilýär, kanun däl,
diňe para işleýär,
pul bermeli bar ýerde,
ýa başga zat, degerli,
hormatlydan haýyr ýok,
näçe hormat, sylag et,
delalat ýok adama,
halal bolsa, haram däl,
diňe ogry, ýalançy,
kezzap bolsaň sylaýar,
bilýär muny hemmeler,
emma aýtmak hatarly,
goý, başgalar, ogly kän,
ýa gyzy kän synansyn,
meniň oglum ýekeje,
meniň gyzym ýekeje,
ýa iki, üç, köplük däl
diýen ene aglaýar,
o bir uýa aglaman,
haýyş edýär, ýekeje
doganym bar, türmede,
töhmet bilen basyldy,
kömek ediň, ölmesin,
duşmanlary gülmesin!

Bu bir pitne, peslik däl,
ejizlik däl, güýç, belki,
il düşünýär az-azdan,
hormatlydan haýyr ýok,
haýyr seniň sesiňde,
gaýratyňda, özüňi
goramaly dik durup,
ýatyp, başyň busuryp,
aman galyp bolmaýar,
emel ýeten senlik däl,
ol kanundan ýokarda,
ýokarda ol milletden
din-imandan ýokarda,
diňe para düşnýär,
diňe pula düşünýär,
ýa ýokardan buýruga,
bagtyň ýatýar aşakda,
näçe jaň et, hiç haçan
telefony almaýar,
okamaýar hat ýazsaň,
iň soňunda barjagyň,
hormatlydan haýyr ýok,
ol sen näme, bilmeýär,
näçe ýalbar, halas et,
ak at münüp gelmeýär.

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2025