Bolan zat
Ýetim hanyň tirýek urşy mekdepde,
bir sagat däl, sapak ýaly bir ýyllyk,
geçilmese, açylmasa, ýapylsa;
bahyl hanyň bilim, düşünje urşy,
uly-kiçi, tire-taýpa, parhy ýok,
sorag berjek, dil çykarjak her çaga,
okajaga garşy, biljege garşy,
minnet çekmän ýaşajaga, güljege,
işlejege garşy öz işin açyp,
bir sagat däl, sapak ýaly on ýyllyk,
geçilmese, açylmasa, ýapylsa;
açgöz hanyň para, ogurlyk urşy,
ýalançylyk urşy, halkyna garşy,
bir sagat däl, onki ýyllap mekdepde
geçilmese, açylmasa, ýapylsa,
näme üçin beýle boldy bu millet,
ýa-da ýene näme boljak, bilmersiň,
gülen bolar olar gürleşjek bolsaň,
soň çagyrsa, gapysyndan gelmersiň.