Il derdi
Iliň derdi ýaryş bolsa, bor-bolgusyz, idili däl,
arasynda bir-biregi garalamak, okan bolan,
özi näme, bilmän ilki, bolan bolsa ili bilen,
tanan bolsa görmedigin, bilmegidin bilen bolsa,
bar pişesi, ýa eşitse, iň bir lezzet alýan zady,
ugrun gözläp, bir-biregiň agyr etmek bolsa günün,
el bereniň, pul bereniň arly, çekjek bolsa gümüň,
eýdip, beýdip, öňden, yzdan ýaralajak bolsa gelen,
ne aglanlar aglan ýaly, ne-de bolar gülen gülen,
iň aşakda bolmalylar iň ýokaryk galar, galar,
butnatmarsyň ony aňsat, gerek ýaly hemmä ýalan,
kazy köp bor aýlyk alýan, ýa almaýan, hemmejesi
akylly bor, gaty görer guluň guly bolmasaň sen,
soň etjek bor ilde samsyk, gynanylýan ýa-da ölen...