Altyn asyr

70-nji ýyllar, ýadymda bary,
millet öňden görýän eken,
bilýän eken boljak işi,
ogul-gyzyn ýurist edip,
lukman edip, jenaýatçyň,
hassalaryň kän boljagyn,
nirelerden pul geljegin
bilýän eken öňe bakan,
ýa bolmasa başga diplom,
gaty kagyz alyp berip,
bilimini pikir etmän,
pikir etmän ahlagyny,
oka diýmän gazet-žurnal,
ýalandygyn ýazylýanyň
bilip, belki, boýdan-başa,
çagasyny öňe sürüp,
para berip, para alyp,
taýýarlapdyr eden-etdi,
giden-gitdi jemgyýete,
alan-aldy, ýolan-ýoldy,
öň gizlindi, soň açyldy,
geň görmedi olar asla,
öýde, meger, sallançakdan
taýyn bolup güýç-güýç ýeten,
o biriniň tutulmadyk,
indi tutjak guşun üten
adamlaryň döwri geldi,
ne dini bar, ne imany,
ne bir kada, kanun galdy,
ynanmaýar hiç kim zada,
diýen bolup diýmelini,
ýurdy ýykmak üçin gowy,
iýip başyn iýmeliniň,
olar taýýar, boýun alyň,
indi kyn bor garyp ile,
beg bolanyň ýüzi galyň...

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2025