Eziji hakykaty
Oglan-gyzlar kän ynanýar arzuwa,
ganat gerek uçmak üçin, elbetde,
ýöne adam azat dogýar diýseler,
diňe çaga, ulalmadyk ynanar,
dogulýar ol uruş-gowgaň içine,
elmydama ýagmasa-da bombalar,
atly goşun çozmasa-da gylyçly,
bolmasa-da polat galkan elinde,
adam mydam ýaryş bilen ýaşaýar,
durmuş göreş, dyngysy ýok söweşiň,
owadan dinleri, kanun-kadany,
ýa-da ahlak, edep hakda aýdylan
ajaýyp sözleri monjuk edinip,
boýna dakan ýeňilmeli, düşünen,
gören dünýäň agyr, hakyky ýüzün
ýeňmeli, ezmeli aldanan ili,
aşagyna itip bogulan sözüň.