Adam bolmagyň syry
Sen ynansaň, her nätanşyň eline,
köçede ýa işde duşan tötänden,
owadan ýürekli, ilki görmäge,
ýa-da dogan-gardaş, dostuň bolana,
duz iýişip, baryp-gelip, gatnaşan,
hanjar beren ýaly, garaş, güman et,
amatyna garap, urar ýa gorar,
sen bilmersiň onuň näme etjegin,
ýöne ynanmasaň, bu başga gürrüň,
aýtjak sözüň, ýa etmejek gürrüňiň
bilersiň sen, biljek borsuň bolmanda,
içen çaýyň, kofäň bolar hasaply,
arak, şerap dursun daşda, aňyrda,
bu durmuş, ýaşaýyş bilmersiň näme,
üýtgeýär ol şemal össe çalaja,
hem şol durşy, gadymky dek ýeňiňde
daş ýa pyçak saklamaly, durmaly
taýyn bolup, gijä galmazlyk üçin,
çünki adam bolmak diýmek urmaly,
goranmaly ahmal galman hemişe,
hem diýmeli tötänlik ýok durmuşda,
diýseler-de ynan ýola, ýodaňa,
ýalňyşmarsyň, başga ýerden çykmarsyň,
bararsyň sen öz barmaly adaňa.