Ahlak oýny
Gowy bolsaň, geçirimli, ahlakly,
ýa akylly, öňe baksaň, yza däl,
ähli zady oňatlyga ýormaly,
ýylgyrmaly basyp içiňde öji,
ýöne öýde, maşgalada birisi,
ýa ikisi çörek pulun saklaman,
çilime, araga, tirýege berse,
kim-kim bilen oturyşsa, sowursa,
ýa-da gidip, utjak, humar oýnasa,
agşam öýde çörek bolmaz iýmäge,
diýmek, biri, o bolmasa beýleki,
ýigrenip däl ol adamy ýa muny,
aýtmaly bor aýtmalyny gönüläp,
ýogsa çaga, garry, aýal, gyzlar-da,
aç galarlar, bolmaz ertire haly,
gowy bolsaň geçirimli, akylly,
ýa ahlakly, hakykatda, däl ýaly...
Eger biri, ýa birleri obada,
ýa etrapda, agyz suwun milletiň
öz ugruna sowsa, alsa, äkitse,
ekin ekse, gul zähmetin ulanyp,
a soňundan akyl satsa baý bolup,
hökman biri turmaly bor ýerinden,
ýigrenip däl, ýa keýpine ýigrenji,
o birine oýnadyp däl, içinden
gelenini aýtmaly bor gönüläp,
ýogsa oba, şäher suwa garşyp,
adam galman arasynda dil biten,
ýaradandan, ýokdan islär garaşyk.
Eger biri bütin ýurduň ýollary,
geçitleri üçin goýlan pullary
alsa, gursa o ýerde bir desgany,
ýa özüne gursa aýratyn şäher,
ýollary giň, çyralary owadan,
a köprüler, tarypyny ýazmaly,
birisi däl, onusy däl, ýüzlerçe
adam turup, aýtmaly bor ýerinden,
ýigrenip däl o tiräni ýa muny,
borjun bilip bütin iliň öňünde,
ýok, bolmasa, biri tursa çydaman,
ýa-da iki, üç-dört sany çagasyn
gaýgy edip, pikir etmän däl asla,
aýtjak bolsa hakykaty, bilmeli,
il garaşar, näme bolýar, soňuna,
soň tutulsa, ölüp gitse ýa ýitse,
wah, neresse, ýalňyşdy-da diýerler,
ýalňyşmaýan, ýa akylly adamlar,
geçirimli olar, ahlakly olar,
şeýdip iller öz-özlerin iýerler.