Esgi fenomeni

O birini baýlar diýip,
kulak diýip beýlekini,
ýa basmaçy diýip wagşy,
bu birini okan diýip,
ýa akylly diýip doga,
bilýär diýip peýdasyny,
zyýanyny görýär diýip,
pikir edýär diýip başga,
beýlekini okamadyk,
ýok pikiri, düşünjesi,
atsaň, itseň çukur tapsaň,
guýularyn zäherleseň,
ilde galýar tüýs gerekli
adamlary ezijiniň,
basgylanyň il erkini,
soň ol ilde watan näme,
millet näme, bilýän galman,
biri-birin itip, basyp,
bolsa asyp, güljek süplük,
az bolsa-da, güýçli ýaly,
esgi bolup galýar köplük.

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2025