Alla goýlan iş
Hemmesine gerek iliň ýaşaýyş,
agyz suwy, çaý hem çörek hemişe,
jaýyň bolsa, çyra ýansa içinde,
çagalaryň bilen ýygnanyp agşam,
ak ertire umyt baglap gyşarsaň,
ýöne bilýär iller bu zatlar mydam
hemme üçin elýeterli bolmaýar,
düzüw bolsaň, kanun, kada ynansaň,
ýa halallyk diýlen ýoda ynansaň,
ertekiden garny doýan adam ýok,
ýöne telewizor ýalan sözleýär
diýenlere näme bolýar, görýär il,
şonuň üçin ýalan sözläp dogruçyl,
aç halyna dok rolun oýnaýar,
eli ýetse alyp, ýolup o bagdan,
ýa bu bagdan, gyrp-çyrp edip ýaşaýar,
iýen agyz uýalamaly soňundan,
diňe eli, ýa aýagy kelte däl,
dili kelte bolýar ogurlyk eden,
diýmek näçe ýuwaş bolsaň peýdaly,
ýaranmaly çem gelene ýylgyryp,
hem bolmaly ogry-jümriň şärigi,
görüp durup talanyşyn ildeşiň,
sessizleriň, balyk bolan, suw görmän,
sen ilden däl, özüň aýry sanmaly,
umyt edip Allaň bermegin derman.