Utulanyň oýny

Adam gaty-gaty gürleýär çykyp,
aýan edýär hal-ýagdaýyn bilene,
mesele ýok çözülmejek dilinde,
ne arapdan, ne şarapdan habarly,
ýa-da näme boldy, boljak ilinde,
bilmeýär ol, okap diplom alypdyr,
emma bir gün işlemändir ugrundan,
çünki bilýär hiç ugry ýok ugrunda,
pikir edýär ähli okan özi dek,
bilmeýär ol bilýäniň-de bardygyn,
bardygyny diňleýäniň kämahal,
gülýänleri bilmeýär ol uzakdan,
ýurtdan çykyp, kökerilen ýüpünden
boşan ýaly, emma galan duzakda,
bilmeýär ol gözündäki kemini,
bilmeýär ol sözündäki kemini,
emma bolşy öz göwnüne ýaraýar,
gowy görýär gop berseler bas diýip,
ýa diýseler bilýäň boljak, geljegi,
ol ynanýar döwýäne däl, öwýäne,
gülen bolup, öwmäň diýse-de käte,
bilen bolup atýar paly, ýadaman,
nijeme ýyl boldy, utanmaýar ol,
syýasatçy bolan bolup oýnaýar,
gelmezden öň aýyp açýan meýdana,
meger, biraz haýa gerek adama.

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2025