Adam sapagy
Aý, okapdyr, gutarypdyr bir ýeri,
ýa o ýerde, ýa bu ýerde işläpdir,
düşünje bar, adam çeni bar diýip,
tanaman kän umyt etme adamdan,
gürleşip gör ilki azajyk, kelte,
edep bilen, sypaýy bol, sylagyn
göterýärmi, ýa ýagdaýy gowy däl,
gyssanma hiç, ber nobaty geplese,
sözün bölme, gülme, hormatyny sakla,
belli bolar, uzak gitmän tanadar
kimdigini, nämedigin telper han,
gülen bolup başlar gülmesiz zada,
çeken bolar başga ýana gepiňi,
wagtyň bolsa, goýber biraz jylawyn,
ýokmy, terk et açandan soň sepini.