Ruhdaky pitne

Sen pitnäni satyn alyp bilmersiň,
oňa, muňa wada berip, pul berip,
oglan-gyza meçew berip, bilmeýän
nobatdaky Lenin näçe adamy
asdyrjak ýa töhmet atyp, garalap,
döwlet diýlen maşyn bilen basdyrjak,
zady üçin, ady üçin, keýpine,
sen pitnäni şu gün ekip, hasylyn,
o biri dek, ýygnamarsyň ertesi,
seret ýeser ili nädýär ýel berip,
ýa-da seret düýnki, ýakyn taryha,
halky nädip ulanýarlar pil berip,
gazýar olar, mejbur etseň meýletin,
Garagumyň ortasyndan kanaly,
soňra zalym partiýanyň ýoluna,
men wepaly diýip, düşeýär haly.

Bu bolmazdy, belki, az däl, ýüz müňläp,
basmaçy ýa ýene diýip gyrmasa,
ýerin alyp, talap malyn, milleti,
başgalar däl, özi bilen urmasa,
bolmaň diýip agzy ala, ýalandan,
dost, doganlyk, deňlik şygary bilen
küşgürmese bir-birine gorkany,
ýatan millet ýadap ýatmaýar diňe,
daşynda däl, içde daňlan arkany.

Sen aldama öz-özüňi düşünmän,
ýa düşünip, başga tapman alajy,
sen pitnäni dogurmarsyň ozaly,
bagtyň gelip, gelmän, bolman hamyla,
soň göterip, gör, nije ýyl beýniňde,
ýüregiňde ile yhlas bolmasa,
ýa bolmasa ygrar ata-babaňa,
gör, öňküler özün nä güne saldy,
ýa başgany, bu bir oýun iş ýaly,
ýa-da seret, iki-ýekä, haý aldy,
haý boldy-da galmagaly gutarmaz,
ýöne seniň özüň, ýetişseň, bişseň,
özüň, diňe özüň pitne bolarsyň,
baş galdyryp, dikelersiň, galarsyň,
ýatman ýalan, uklan bolup, uklaman,
öldürilen bilen ölmedik bolsa,
gutarmadyk bolsa uruş, gowgada,
ol sende bar, ruhuňda, gözleseň,
bagly däl ol o birine, ýa muňa,
goý artykmaç gep-gürüňi, özüne
peýdasyza gülki borsuň sözleseň.

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2025