Milli pent

Eý, sen gelme, ulular bar,
bolma geçiň öň aýagy,
oka berlen kitaplary,
sen ösmeli, sen entek ýaş,
samsyk bolma el galdyryp,
beriň diýme başga kitap,
bilýändirler ýaşulular,
etli gutap iýjek diýme,
besdir bolsa gökli gutap,
aşak otur, galdyrma baş,
ejeň, kakaň akyl berse,
almaly hem çekilmeli,
oturmaly öýde ümsüm,
iýip käte burçlyja aş,
dümewlemez ýaly asla,
yzdan kowma, öňünden gaç!..

Otuz näme, elli näme,
düýn jahyldyň, indi däl ýaş,
geçip barýar kerwen, itler
üýrer, goýar, bolsa-da aç,
sen goşulma bu zatlara,
aşak bukul, galdyrma baş,
geçer diý-de hemme gelen,
biraz çyda, bolsaň-da aç, 
görünme hiç güýçlülere,
eger gelse, hiç eliňe
alma kesek, taýak ýa daş...

Eý, sen garry, ak girse-de,
aň girmedik, otur aşak,
seret, näçe dil bilýärler,
göwnüň ýetmän oň ogluna,
ýa gyzyna diýen bolma,
eýle, beýle, gögele, ýaş,
otur öýde, ýazam bolsa,
seniň üçin daşary gyş,
meselesin çözsün özi,
ýüňi ýeten kän-ä ilde,
goý, aç bolsun, ýa doklukdan
däliresin bäş, on goçak,
eger-eger galdyrma baş,
bir aýagyň görde, saňa
nämä gerek etli palaw,
ýa dograma, burçlyja aş,
ýa-da towuk çorbajygy,
besdir öňki iýenleriň,
etme eşik gürrüňin hem,
besdir öňki geýenleriň...

Alla bardyr, biler bir gün,
ykbal bize güler bir gün,
ýatyber il, halas etjek,
atly goşun geler bir gün,
häzirlikçe aşak otur,
hiç zat etme, hiç bolmasa,
ýeňsejigiň gaşap otur,
sen entek ýaş, galdyrma baş,
sen garrapsyň, aňryň ýakyn,
men diýen är, ýüňi ýeten,
sen amatly wagta garaş,
diýme gezek ýetmez maňa,
ömür geçse, şükür et sen,
başga näme gerek saňa?

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2025