Iň yzdakynyň derdi

Ýok, ol uçar zolagyndan sürmedi,
göz etmedi tizligini ulagyň,
ýetimleriň haky bolan aslynda,
il-ulusyň, naçar, garry, çaganyň,
eli bagly, dili bagly ärleriň
ýüz-gözünden sürdi maşyny ýeňles,
basjak bolup beter üstünden aşak,
öz gorkusyn, hal-ahwalyn göz etdi,
itdi yza döşlerinden düýşleriň,
ýakasyny goýbermeýän, goýmaýan
gerek däl siz diýdi maňa, ýol sürçek,
durmuş agyr bolsa başgalar üçin,
maňa näme, meniň günüm gül ýaly,
görýäňiz-ä näçe ezilse millet,
baş ezijä ýazýar şonça kän haly!..

Ýok, ol çydap, ýatyp bilmedi öýde,
geldi ýene bejermäge derdini,
bilýär, ýöne näme etsin neresse,
il sylasa hiç ynjytman merdini...

Belki, göwni aram tapdy azajyk,
edenli men, batyr, gahryman, gerçek
diýip ýene öz-özüni aldady,
agşam görüp ekranlarda gaýtalap,
begenýär ol, öz-özüne guwanýar,
taýýar bolýar göreşlere öňdäki,
galan bolsa, gelip biljek wyždanyň,
bolman düýşde berip biljek azaryn
yza itip, diräp döşünden çarşak,
saklaýar ol, wah, kyn, agyr ýagdaýy,
beýnisine girip, düşünseň diňe,
düşünmedik gahar edýär, gargaýar,
iň yzdaky diýýär diýip: Il, öňe!..

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2025