Hakyky garyp
Ol garypdy, arzuw etdi hemişe
pullanmagy, jaý salmagy ullakan,
eýle boldy, beýle boldy, ýykyldy,
soň dikeldi ýurtdan gaçyp uzaga,
ýat illerde synap ýatan bagtyny,
işli boldy, aýlyk aldy ýeterlik,
öňkä görä has hümmetli kagyzda,
maşyn aldy, jaý edindi, ýöne hiç
baý bolmady, galdy garyp, pukara,
gözi gitdi iliň egin-başyna,
iň arzanyn saýlap alyp geýensoň,
aýakgabyn täzelemän tozýança,
sowulmak ýok restoran, beýlekä,
aýlygyny hasaplady başgalaň,
piwo üçin gelýän başga şähere,
hem özüne geldi mydam gahary,
çagalygyn, garyplygy ýatlady,
goýbermeýär diýdi ýetimlik meni,
öýi, işi aralykda gatnady,
ýolda durup, awtobusa aslyşyp,
ýagyş ýagsa, ezse biraz köçede,
öýde duran maşynyny ýatlady,
her ýyl bolýan ulanylman çykdajy,
baýlyk, meger, görüşiňden başlanýar,
dok etmeýär durmuş her iýen ajy...