Aýdylýan zatlar

Örän gowy diýilýän zat, diňleseň,
örän gowy aýdylýan zat, okasaň,
kitaplar bar, biri-birinden gowy,
akyl, paýhas tonna-tonna içinde,
iň esasy aýdylýan zat nygtalyp,
güýjüň ýetse, goramaly öz-özüň,
ýüregiňi, gowy, owadan bolsa,
gara başyň, pikir ýükli gämiňi,
oý-pikiriň bolsa nurana, tämiz,
hyýal gurman urmak, goparmak üçin,
başga birniň bagtyn opurmak üçin,
düzüw bolsaň, hallan atman çar ýana,
öz tereziň barlamaly hemişe,
ahmal bolman her diýenden jan, jana.

Eçil wagtyň, gara güýjüň, yhlasyň,
rehim et, zalym bolma hiç kime,
ýöne özüň ulandyrma bigänä,
öz ýanyndan oýnan bolup, köwek bu,
ýene bir zat diýip, ýa geçip ýöne,
ýykylaňda daşdan gülüp, ýanyňa,
hiç kömege gelmejege hiç haçan,
seret, adam gizläp bilmez özüni,
samsyk diýer zat diýmeseň syr açan.

Ynan, ile müňkür bolmak gowy däl,
ýöne gaty sada bolma, çeni bar,
düzüw bolmaz her öňýeten, niýetin,
pälini gör ýüz-gözünden, soraman,
ýaşa azat, haýat gurman daşyňda,
aýa özüň hüjüm edip goraman...

Diňle adam için dökse, derdine,
gaýgysyna düşünjek bol, başyň at,
ýöne özüň, öz derdiňi unutma,
gürrüň berip ýörmeseň-de her kese,
sowran ýaly ýel ugruna çäjiňi,
pikir-oýuň, duýgularyň, ummanda,
belki, ýelken bolup, saklan, gutaran,
sen geçmediň geçen ýoluň başganyň
agysyna aglap, içiňden gelen,
ýaryp barýan aýdymyňy basmaga,
aýt sen ony, sesiň erbet bolsa-da,
gyrylsa-da aram-aram, gysganyp
diýseler-de owazyň ýok hiç hili,
dogry bolsun, ýa-da bolsun bu hile,
sen özüňi gora ýelden, ýagyşdan,
geçme, öçme diňe hä berip ile.

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2025