Özleşdirilmedik sapak

Aý, mysapyr özüm ýaly,
ýurt daşynda entäp ýören,
hossary ýok bir zat bolsa,
diýip ýakyn durjak bolsaň,
gözüň ýumsaň niýetine,
tanasaň-da iki günde,
ildeş saňa sapak berer,
ömür ýatdan çykmaz ýaly,
içde bolmaz, ýalandyr bu,
daşda bolar adam aly,
ýöne görüp, görmezlige
salýas diýseň, başga gürrüň,
şonuň üçin il başyndan
sowulmaýar gamçy, dürre.

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2025