Hapa eden goşgy

Howply ýolda jübimize girenler,
ýa synanyp, başarmadyk o diýen,
ynamymyz ogurlajak bolanlar,
bir, iki-le diýip salgadyk eli,
wagtymyz ýok, işimiz kän, ýol uzak,
täjirlik däl, maksadymyz başgarak,
azan hanlar ýykjak agladyp ili,
darykmaly diýdik, başymyz çarap,
durjak bolduk guşap depilen bili,
kän entedik, ýöne, şükür, düşündik,
açgöz dostlar, pikirdeşler, on, onki
diňe gara şaýymyzy çilmändir,
onda, munda atyp agyr töhmeti,
adymyza gara çaljak bolupdyr,
belki, heniz gazanmadyk, ýetmedik
derejämiz elden aljak bolupdyr.

Duşmanymyz uly, gülmesin diýdik,
iýse iýsin hakymyzy aç bolsa,
egindeşler ýolda ölmesin diýdik,
biz çekeli, geçireli, aýyp bor,
ýat, keseki görüp, bilmesin diýdik,
öz-özleri ýok etjek-le özlerin
diýip ynjalmasyn diýdik ýek gören,
hem tanadan dosta ýylgyrdyk ýalan,
ýöne ýadap, käte otursak ýolda,
dodagymyz ýakdy içdäki ýalyn...

Ýok, bolmady, ýapsak birin, ikisin,
üçünjisi çykýar, çykýar dördünji,
getirýärler habar ýaly gidenden,
bar mahaly aýdyp bilmän niýetin,
ýa-da beren düwünçegi açylman,
galan ýaly taşlap gaçan ýerinde,
görüp, bakyp gynanýarsyň yzyndan,
olar diňe pula mätäç bolmandyr,
belki, agyr hassa bolup ýaşlykdan,
uzak ýatyp, aýňalmandyr, galmandyr...

Howply ýolda aslyşanlar gapdaldan,
gazanmadyk pulumyza ýapyşman,
şindem güýçli, ynamymyz talaýar,
umydymyz urýar, baglanan halka,
öz ilimiz, gelen nireden nirä,
aman galan urulsa-da müň ýyllap,
tire-taýpa, adam çykan içinden,
tapylyp dur diýýäni-de gaç urup,
suw goýberip aşagyndan samanyň,
ýuwaş-ýuwaş ysgynymyz gaçyryp,
azaldypdyr olar biziň güýjümiz,
iň erbedi, belki, öz-özün depip,
ýykylypdyr käsi wagtyndan ozal,
ýok bu ýerde täze pikir, elbetde,
meni biraz hapa etdi bu gazal.

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2025