Sowatly duşman

Our worst enemies here are not the ignorant and the simple, however cruel; our worst enemies are the intelligent and corrupt. Graham Greene

Bizi ahyr ýere sokjak,
ýurdumyzy ýykjak doly,
şu uçuda alyp gelen,
garyp-gasar eden ili,
gaçar ýaly guşap bilin,
iň bir zalym duşmanymyz,
almadyk däl gowy bilim,
ýaş-ýeleň däl, gögele däl,
jahyllar däl, gowy biliň!

Goý, her niçik köwek bolsun,
ýöntem bolsun, ýa ýel berip,
hem pil berip, oýnap bolýan
gülüp bolýan däli diýip,
oba bolsun, şäherleşip,
ýaşasa-da elli ýyllap,
kolhoz bolup galýan baky,
göterimler, köpçülik däl,
biziň ganym duşmanymyz,
tireler däl, taýpalar däl,
sen-sen diýseň biri-birin
eje, bajy goýman urjak,
utanmajak hiç bir zatdan,
diýjek dilden gelenini,
ýykyp bilse sözde atdan...

Biziň ganym duşmanymyz,
akyllylar, belki, örän,
görünmeýän kän golaýda,
hem dil bilýän, hem ýol bilýän,
ak köýnekli, gowy äýnek,
sagat satyn alyp bilýän,
münüp bilýän gowy maşyn,
pullary kän, diýmek bozuk,
kanun, kada ýok ýerinde,
örän gowy ýaşaýanlar,
orun alýan gowy jaýdan,
muny görmek üçin indi
bakmaly däl çykyp, Aýdan...

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2025