Rehim krizisi
Hökümet zor, kanunlary
başdanaýak basgylaýar,
ädikleri nally, agyr,
halk aglaýar, polisiýa,
sülçülere para berip,
para berip kazylara,
prokuror, garalawça,
tutulan ýa töhmet bary
atylanlar bolýar ýagyr,
soň türmede, diri galjak,
aman çykjak bolup, başyn
bir bölegi satyn alýar,
satyp ähli bolan zadyn
ýa-da uly bergä batyp,
ýöne hemme başarmaýar,
ne zady bar, ne kuwwaty,
berim, peşgeş ýoly agyr,
maýyrýar ol ejiz bolsaň,
naçar bolsaň, ýalbarmaly,
hol ýokarda birlerine,
şükür, indi wideo bar,
internet bar, hemme görýär,
eger gaty ýaltanmasa,
han bolanyň, beg bolanyň,
ýa-da soltan, bütin ýurdy
soraýanyň şalar ýaly,
rehimi gelermikä,
seredýär il, ýa-da diýýär
ýene biri arz edeniň,
aglap, ýolda ölermikä?..