Hakyky watançylyk
Watançylyk, iki, ýeke,
öz pikirin aýdanlara
ýa-da urlup, kemsidilip,
çydap bilmän gaýdanlara,
ýa gaçana gorkup, ürküp,
topulmak däl arly, öçli
sözler bilen, ýürek bulap,
watan beýik, doglan ýeriň,
diňe söýseň ýüregiňden,
gowy etjek bolsaň ony,
bolmaz ýaly garyp-gasar,
aç ýa hassa aglap ölýän,
döwüm çörek, derman tapman,
beýik watan, aýybyny
aýdan günüň, üstün ýapman.
Beýik däl ol, beýik diýip
gygyranyň bilen diňe,
ýa ýalançy şahyr, bagşy
aýdym aýtsa diýip öňe...
Haksyz bolsa hakly millet,
iş ýüzünde, kagyzda däl,
kemsidilse gije, gündiz,
ýalan guýlup depesinden,
doly bolsa türmeleri,
aç çagalar elin serse,
basgylansa naçarlary,
beýik däl ol iň ýokardan
aşaga çen zulum bolsa,
bu watanda watançynyň
bardygyny aňlatmaýar,
başga many berýär, gygyr,
arla, ýöne hakykaty
üýgetmersiň gaty gürläp,
dymsa dymsyn beýlekiler,
watançylyk – bu ýükçülik,
ýük zyňylmaz, ol çekiler.