Dogry gep
Bolmasa-da manysy
zaýalamaň sözüň däl,
bir harpy-da kämahal,
diýdi biri arada,
gürlemeli wagty bar,
sagady bar aýtmagyň
aýdylmaly zatlary,
bile-göre gulagyň
birisinden girse-de,
çykjagyny beýleden,
üýtgetmegi goýaly
pikirini adamyň,
diýmeli sen diýmeliň,
ýuwdup, goýman içiňde,
düwün edip götermän,
ýogsa olar üýtgeder
seni, seniň iliňi,
tanamarsyň soň asla,
el çarpyjy ederler,
tahýa geýip birmeňzeş,
janly diwar oýnaýan,
aýt sözüňi, bar bolsa,
ýatsaň, tursaň, goýmaýan.