Nadanlyk bombasy
Hökümetde adamlar,
saly gowşak, gözi aç,
ýa aýlygy az mydam,
günä görmez özünde,
bomba goýdy sagatly,
öz iline, başga däl,
ylym, bilim pudagyn
öwürdiler ýaraga,
diplom berip okaman,
özün aldan adama,
gysganmasa aragyn,
köpeltdiler olary,
ýylba-ýyldan ýel berip,
uçurdylar asmana,
sebäbi ýer dolupdy,
ýer ýok aýak basmana,
okuwlydan, menejer
boljak diýýän sorasaň,
orden gerek baryna,
medal gerek, gerek at,
derejeli hemmesi,
çişip gezjek köçede,
bilseler-de aslynda
kimdiklerini özleri,
tutulýança ogry däl,
bu bir ýylyň, on ýylyň
bombasy däl, kän örän,
doldy ýurduň şäheri,
obalary papakly,
soň tahýaly bombadan,
okajagyň öňünde,
oýlanjagyň öňünde
çukur gazýan her günde,
olar örän agzybir,
bir-birin goldaýar,
hökümetde adamlar,
diýme ýurdy, milleti
gorajak bor ýa aýar.