Garagum hekaýasy
Tankly adam, toply adam uranda,
tanky ýogyň, topy ýogyň çagasyn,
ýumuranda öý, ojagyn garawsyz,
ýa öldürse uçarlylar uçarsyz,
Garagumda goýun bakýan adamy,
kim günäkär, näme diýip, aýdarsyň,
wah, pahyrlar dek gezmeli ekeni,
öldürmezdi olar ýerini bilse,
ornun bilse, ýaragy ýok, puly ýok,
bu dünýäniň gurluşyny bilmeli,
bilmeli ol düzgünleri, kaýyllar
nirelerde ýaşamaly, ölmeli...
Kartyň bolsa başga gürrüň, elbetde,
tankly, toply bilen gysman egniňi,
gürleşmeli adam ýaly, soňundan
düzetmeli ýalňyşlygy, öňüňde
duran daşy, diwarlary owradyp,
ýol, ýodaňy arçap, gitmeli öňe,
kartyň ýokmy, otur goluň gowşuryp,
diýýär adam sen günäkär, uran däl,
öldüren däl ýaragsyzy, tank sürüp,
ýa aç goýan, alyp ýeriň, suwuňy,
ýa türmeli, jellady kän ýaragly,
ýa galamly, hakly edýän bimamla,
karty käni daşyn gorap saklaýan,
tankly, pully adam öldürse nähak,
kän bor, nätsin, pida edýän pidany,
kän bor, belli, pully bolsaň goldawyň,
agyr, ýeňil günäň bolsa, aklaýan.