Seniň üçin dogry zat

Seniň üçin dogry näme,
näme bolsa oba dogry,
ile dogry, uly, kiçi,
dünýä dogry, basyp alýan,
ýa-da basman alýan bogup,
ganym bolup döremese, 
bäsleş düzüw, bozman oýnuň
düzgünlerin, adalatly,
ýöne bozsa garşydaşyň,
çäräňi gor, goran, garan
töwerege, kaýyl, tabyn
süriň biri bolmajak bol,
suw boýunda gögeren bag,
suwsuz gurap, solmajak bol,
galmajak bol igli, garyp,
synaň düzüw, abat bolsa,
gorksaň, dogry, başga gürrüň,
atly goşun ýa-da Alla,
geler, gorar diýip garaş,
otur ýuwaş özüň aldap.

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2025