Iň ýokarkyň islegi
Döwlet döwdi il-ulusy,
ýa içmeli, ýa çekmeli,
ýa atmaly nas, beýleki,
abat adam galmady hiç,
küli çykdy, dag ýalysy
tümmek boldy, boldy baýyr,
iň aşakda galan garyp,
diýýär aglap, soňy haýyr...
Emma soňy otuz ýyldyr
haýyr däl-de, bolýar maýyr,
itip aşak bir-biregi,
iň bolmanda ýürek bula,
diliň uzat el ýetmese,
iň ýokarkyň islegi bu,
buýurýar ol çöker dyza,
sakla ili ölmez, gülmez,
enesiniň dakan ady
ýada düşmez ýaly ýadat,
soň geň görmez adam zady,
bolar sütem milli adat.