Seniň işiň

Seniň işiň - ýapyşalgaň,
bar mydaryň agyr günde,
şer içinde haýyr gözläp,
pişegi dek maýyplaryň,
ýapyşmaly, alajyň ýok,
dost-da biler, duşmanyň-da,
ýöne ýagyň gowy ýene,
gizläp durmaz niýetini,
sowatjak bor işden eliň,
emma dostlar başga gürrüň,
peýläp gezer amatyny,
urjak bolar işiň bilen,
azaplaryň bilen içden,
gowy bilip agyrjagyn,
sen işiňi goramaly,
her sözünden hasap alyp,
goramaly özüň dostdan,
begendirmän ahmal galyp.

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2025