Köne tulum betbagtçylygy
Ildeşlerim maňa däl,
meni ýere sokjaga,
özün urup ýykjaga,
saklajaga butnatman
kömek etdi birleşip,
duruň diýip bilmedim,
ara düşdi aralyk,
beýik, gara diwarlar,
hiç bolmady gürleşip.
Iki, ýeke duşdy soň
ýat illerde okan, ýöne,
agzyn açsa, düşünýärsiň
bu golaý däl, galan daşda,
çyn ekeni gadym pähim,
guýma, böwser, ýere siňer
çakyr bolsa gaty täze,
gynanarsyň soň oturyp,
tulum bolsaň gaty köne.