Göz we söz meselesi
Halkyň niçik oýnalýanyn,
sülünýäni aşyk ýaly,
görüp bolýar indi diňe
bir obada, şäherde däl,
dünýäniň o çetinde-de,
agzyn açsa göz açyjy,
söz manysyn bilez adam,
seret dünýä, töwerege,
gözi açyk adamlaryň
ýöne olar ýatan bolup,
uklan bolup ýöne ýerden
oýnamaýar, gorkýar, muny
hemme bilýär, polisiýa
döwletleri näme edýär,
näme edýär baýan ärler,
urup, çapyp, pagta bilen
damak çalyp, parhy näme,
wada berip azatlygy,
kim gygyrsa ynanmaga
ýagdaýy ýok iliň, çünki
beterinden beteri bar,
her gygyran edermen däl,
diňle sesin, hederi bar.
Basjak bolýar dowlun gorkan,
ýogsa biraz düşüşerdi,
köşeşerdi, pikir edip,
aýdýan sözün seljererdi,
eşiderdi iliň sesin,
soň diňlärdi özün biraz,
düşünerdi kime peýda
ýa-da zyýan edýänine,
bu dünýä hiç, gynanmaz ol,
gelip, gelmän gidýänine.