Oba soragy
Her obada iki ýa üç,
ýa dört bolar akmak adam,
pukaradyr olar mydam,
maşgalasy gara günde,
o sebäpden, bu sebäpden,
kän ýüzüne gelmese-de,
ýeňsesinden gürrüň edip,
gülen bolar obaň pesi,
ýeňlesleri, özün aldap,
galanlary akylly dek,
ýa baý ýaly, ýygan maly
dünýä sygmaz, il ýüzüne
okuwly bor öz ýanyndan
gülünmeýän, bilinmeýän
hakykatda kimdikleri,
ýöne biler akly bolan,
pikir eder ýeke wagty,
kim düşünýär, kimiň ýoly
has garaňky, ýa-da ýagty.