Aglamaly raýdaşlyk

Derejesi, otuz ýyllap arkaňdan
daşmy, kesek zyňyp gelen kärdeşiň,
gurup gelen duzak, gapan, tapanyn,
awçy bolup öz ýanyndan, tüýsüni,
sypatyny howa görä üýtgedip,
çalyp gelen gara tapsa adyňa,
deň bolmasaň, gaty samsyk hasaplap,
käte gönüläniň ýüzüne alman,
gerek bolan güni jaň eder ýene,
bilýändirin gaýa ýaly, dag ýaly,
şunça ýyllap duranyňy arkamda,
giň bolmaly dere ýaly, dar ilde,
biz ýazyjy, pese düşmek bolmaýar,
seni görüp, ruhlanýan diýer ol,
ak girse-de, aň girmedik diýleni,
köp bilýänden bolup, uguň ýekeläp,
göýdük oýnun oýnar utançsyz adam,
hä, diýersiň, ýene ýumşy bar munuň,
sen ýene-de geçirimli bolmaly,
ýa gülmeli gelmese-de gülesiň,
ýylgyrmaly iň bolmanda, bolýa-da,
hiç-le diýip, gelmän ölmän ölesiň,
biri bolup bahyllykda batanyň,
sary çyrmaşyga çyrmaşyk diýmän,
ýa gyzgana gyzgan diýmän bagyňdan
bar almarsyň, bir gün diýmeli bolar,
güldürmejek bolup güldürdik duşman,
ýok, daşda däl, mydam içiňde olar.

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2025